AmatlyTEKLIP

Iň Amatly Teklipler TMRU AgzalykGirelge
Baş sahypaTeklip goşmak

Uly Sähra Hojalyk Jemgyýeti

Дата:31.03.2017 Просмотров:1420

«Uly Sähra» Hojalyk Jemgyýeti 2009-njy ýylyň 14-nji oktýabr aýynda açyldy we Siziň işleriňize tejribeli, ynamdar kömekçiňiz bolup durýar.

“Uly Sähra” kompaniýasy soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda zähmet resurslary bilen üpjün edýän esasy kompaniýalaryň biri bolup hyzmat edýär, we müşderilerimize özümizi tapawutly iş ugurlarynda ynamly hyzmat berýän kärhana hökmünde tanatdyk. Aşakda biz iş ugurlarymyzy beýan etdik, ýöne biziň mümkinçiliklerimiz edinilen iş tejribämiziň ugurlary bilen çäklenmeýär, biz iş tejribämizi we bilimimizi artdyrmak maksady bilen, täze belent sepgitlere ýetmek üçin zähmet çekýäris.

Iş ugurlary:

Kärhanalaryň işlerine Administratiw we tehniki-operatiw goldaw, şol wagtyň özünde zähmet resurslary bilen üpjün etmek we logistika.
Gerekli materiallar bilen üpjün etmek, biz dünýä belli üpjün ediji kompaniýalar bilen iş çalyşýarys.
Ýokarda aýdylyşy ýaly, biz “Uly Sähra” kompaniýasy Size öz hyzmatlarmyzy hödürleýäris. Biziň kompaniýamyz bilen hyzmatdaşlyk etmek, biziň bilim we iş tejribelerimizden peýdalanmak Siziň öňüňizde goýan häzirki we gelejekdäki maksatlaryňyza ýetmäge kömek eder.

Biz Bilen Işleşmegiň Esasy Artykmaçlyklary

Ähli işgärler müşderiniň talaby esasynda saýlanylýar (hünäriň görnüşi, iş tejribesi, gerekli bolan tejribesiniň we zähmet endikleriniň bolmagy, talap edilýän bilim, müşderiniň talaplary we ş.m.);
Işgärler baglaşylan şertnamanyň möhleti geçýänçe biziň edaramyz bilen zähmet gatnaşyklarynda bolarlar, biziň edaramyzyň düzüminde bolarlar we müşderiniň işgärleri däldirler (Siziň edaraňyzyň);
Berilen işgärler işgär bilen üpjün etmek şertnamasynyň möhleti geçýänçe müşderiniň, ýagny Siziň edaraňyzyň garamagynda bolýarlar, siziň kärhanaňyzyň administratiw görkezmelerini ýerine ýetirmek bilen, kärhanaňyzyň iş tertibini doly berjaý ederler;
Biziň kärhanamyz bu işgärlere zähmet haklaryny hasabyna ugratmak ýa-da zähmet haklaryny tölemegi öz adyndan (iş beriji hökmünde) öz üstüne alýar, ýagny bu müşderiniň (Siziň kärhanaňyzyň) wezipesine girmeýär;
Eger-de işgärlerden biriniň belli bir sebäplere görä müşderiniň göwnünden turmadyk halatynda (düşündiriş talap etmezden) gysga wagtyň içinde başga bir işgär bilen çalyşjakdymyzy kepillendirýäris. Bu ýagdaýda müşderiniň her bir işgär üçin her aýda işlän sagatlaryny ýöretmegi ýeterlidir we ýazylan sagatlaryň esasynda biziň kärhanamyz zähmet haklaryny töleýär.
Biziň kärhanamyzyň işgärleri kanun boyunça göz öňünde tutulan pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edilýär (biz olar üçin Türkmenistanyň pensiýa fondyna pul geçirýäris), hem-de olara biziň kärhanamyz tarapyndan medisina ätiýaçlandyrmasy hem berilýär;
Biziň kärhanamyz öz işgärleri üçin salgyt edarasynyň budjetine salgyt tölemage borçlulygy öz üstüne alýar;
Biziň kärhanamyz, işgärleriniň öňündäki ähli borçnamalaryny Türkmenistanyň zähmet kanunyna laýyklykda berjaý etmäge borçludyr, ýagny:
- ähli iş rugsatlary üçin tölemäge;
- wagtlaýyn işe ýarawsyzlyk we göwrelilik rugsady üçin bellenilen tölegi tölemäge;
- mejbury saklanan wagty üçin tölemäge;
- işgär işden çykarylan ýagdaýda, kesgitlenen aýlyk haky boýunça doly hasaplaşyk geçirmäge.

Aragatnaşyk Maglumaty

"Uly Sahra" Hojalyk Jemgyýeti
744000 Türkmenistan, ş.Aşgabat
Andalyk(1958) köçe №:50/1
Email: info@ulysahra.com
Telefon: (+993) 62946688

Ilkinji teswiri Siz ýazyň Teswir goşmak üçin sistema giriň


internet-buhgaltercilik Turkmenistan buhasap.com


Следите за Нами:
VKontakte Odnoklassniki Moy Mir Line
Elektron salgy
Açarsöz
Ýatda tut
Açarsözi ýatdan
çykardyňyzmy?
Registrasiýa bolmak

Haklar doly goralan
2014-2017 Teklip.com
Ulanyjylar tarapyndan çap edilen teklipler boýunça
www.teklip.com hiç hili jogapkärçiliňi öz üstüne almaýar